Arça — bezeg agajy

1 Noýabr 2021
1882

Ýurdumyzda köp ekilýän agaçlaryň biri hem arçadyr. Ol boýy 50 santimetrden 20 metre çenli bolan berk agaçdyr. Onuň sütüni köp şahaly bolýar. Pürleri teňňe şekilli bolup, uzyndan inçe we ujy ýitiden gataňsydyr.

Tut, garagaç, derek, kerkaw, maklýura we beýleki agaçlardan tapawutlylykda, arça agajy elmydama gök öwsüp oturýar. Ol gurakçylyga çydamly, toprak dandamaýan ösümlikdir. Arça örän gelşikli agaç bolany üçin bezeg ösümligi hökmünde köp ulanylýar. Arçanyň medenileşdirilen görnüşlerini şäherlerde, şäherçelerde, ýollaryň gyralarynda seýilgählerde köp ekýärler.

Leýla MATMURADOWA,
TTGJ-niň welaýat bölüminiň hünärmeni.