Rysgally çeşmäm, güýzüm!

1 Noýabr 2021
1371

Tebigatyň her pasylda özboluşly üýtgeşik ýakymy bar. Tyllaýy güýzde, şemal oýnan ýapraklaryň geň-enaýy towsuşy adam oglunyň ýüregini çuňňur hem pelsepewi oýlara iterýär. Gülleriň ysyna serhoş bolan seleň sähralar, mylaýym şemala beýhuş bolan açyk meýdanlar ýylda bir gezek rysgaly bilen dolup-daşyp gelýän «hasylly güýz» atly arzyly myhmanyna giňlik bilen gujak açýarlar. Men güýzüň ajaýyp günleriniň birinde dünýä inipdirin.

Güýz paslynyň tebigy gözelligini synladygymça: «Güýz, sen tebigatyň ussat suratkeşi» diýesim gelýär. Sebäbi ýapraklaryň öz şahasyndan aýrylasy gelmeýän ýaly, assaja gaýmalaşyp gelşi göwnüme gozgalaň salýar. Baglaryň ýapraksyz galmagy ýalňyzlygyň, tukatlygyň nyşany däl ahyryn. Gaýta,bu täzelenişiň alamaty. Köňül duýgularymy edil güýzüň sypatyna siňen agraslyga ýugurmaga çalyşýaryn. Çünki gowşagrak söz diýesim, ýeňil duýgulara ýan beresim gelmeýär.

Mähri ALYMOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.