Metbugatymyz sanly giňişlikde

14 Oktýabr 2021
1547

Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň 1-nji iýulyndan başlap, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň «Türkmenmetbugat» atly internet neşiri maglumatlar giňişligine çykdy. Döwürleýin neşirleriň okyjylarynyň sanynyň görnetin artmagyny gazanmak we olary halka öz wagtynda ýetirmek üçin sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, işe täzeçillikleri girizmek, olaryň elektron görnüşlerini elýeterli etmek bilen bagly meseleleri netijeli çözmek maksady bilen ýola goýlan bu işler milli metbugatymyzyň neşirlerini döwrebaplaşdyrmak, olary döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek bilen baglanyşyklydyr.

Üç dilde hereket edýän internet neşiri («turkmenmetbugat.gov.tm») «Baş sahypa», «Habarlar», «Gazetler», «Žurnallar» ýaly bölümlerden ybaratdyr. Bu internet neşiriniň «Yzarlanýan makalalar» bölüminde saýlama makalalary aýratyn ýygnap goýmak, şol ugurdaky täzelikler bilen tanşyp durmak mümkinçiliginden hem peýdalanyp bilersiňiz.

Muhammetnur ÝAZGELDIÝEW,
Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň talyby, «Adalat».