Suwly ýer — gül

7 Oktýabr 2021
1859

Halkymyzyň arasynda her damjasy altyn dänesine deňelýän suwuň gadyr-gymmaty başgaça. Ýaşaýyş-durmuşymyzy suwsuz göz öňüne getirmek mümkin däl. Suw ýaşaýyş üçin esasy zerurlyklaryň biri bolmak bilen, ösümlik we haýwanat dünýäsinde-de dirilik çeşmesi hasap edilýär. Şonuň üçin suw üpjünçiligi esasy meseleleriň biri bolup, halkymyzy arassa agyz suwy bilen üpjün etmek, suw serişdelerinden tygşytly peýdalanmak we onuň gorlaryny goramak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyryp, gurplulygyny ýokarlandyrmak boýunça ýurdumyzda köpugurly işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 25-nji sentýabrynda Aşgabatda bolup geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda: «Gadymy türkmen topragy suwarymly ekerançylygyň ilkinji mekanlarynyň biri bolupdyr. Ata-babalarymyz bol hasyl berýän bereketli toprakda ýaşamak bilen, ýeri işläp bejermegiň, suwa sarpa goýmagyň we ony tygşytly ulanmagyň nusgalyk usullaryny bize miras galdyrypdyr» diýip belledi. Şeýle bolansoň, ata-babalarymyz «Suwly ýer — gül, suwsuz ýer — çöl», «Daýhanyň hazynasy — ýer, suw», «Damja suwdan tal çykar», «Ýer görki — suw, suw görki — guw», «Suw ýygnanyp köl bolar...» diýen ýaly nakyllary, atalar sözlerini, pähimleri döredipdirler.

Eziz TAHYROW.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti.