«Google» kompýuterler üçin prosessor öndürer

5 Sentýabr 2021
1282

«Google» noutbuklary, planşetleri üçin öz prosessorlarynyň önümçiligini ýola goýar. ABŞ-nyň internet ägirdi «Chrome OS» operasiýalar ulgamynda işleýän prosessorlaryny 2023-nji ýyldan başlap öndürmegi meýilleşdirýär. Bilermenler «Google»-yň öz prosessorlaryny işläp düzmeklige berýän ünsüni, bäsdeşleriniň bu ulgamda uly işleri durmuşa geçirmäge başlandyklary bilen baglaýarlar. Hususan-da, «Amazon», «Facebook», «Microsoft», «Tesla», «Baidu», «Alibaba Group Holding» ýaly ägirt kompaniýalar internet hyzmatlaryny we elektron önümlerini goldamak üçin öz prosessorlaryny işläp düzdüler we olaryň önümçiligini ýola goýdular.