Öz-özü­ni be­jer­ýär

2 Sentýabr 2021
1292

Iň zäh­met­sö­ýer jan­dar­la­ryň bi­ri hök­mün­de ta­nal­ýan ary­la­ryň öz-öz­le­ri­ni be­jer­mä­ge ukyp­ly­dy­gy­ny bil­ýär­di­ňiz­mi? Jan­dar­lar be­de­nin­de ýa­şa­ýan mugt­hor­la­ra gar­şy dür­li go­rag me­ha­nizm­le­ri­ni (im­mun gar­şy­ly­gy, fi­zio­lo­gi­ki jo­gap­lar) ös­dü­rip bil­ýär. My­sal üçin, mör-mö­jek­le­riň ga­byk­la­ry mugt­hor­la­ra gar­şy fi­zi­ki päs­gel­çi­lik dö­red­ýän hem bol­sa, pep­tid­ler bak­te­ri­ýa­la­ryň, wi­rus­la­ryň we kö­me­le­jik­le­riň köp gör­nü­şi­ni ýok ed­ýär. Haý­wan­la­ryň öz-özü­ni do­lan­dyr­ýan der­man be­jer­gi­si­ne «zoo­fa­ri­kog­no­zi­ýa» di­ýil­ýär. «Zoo» – haý­wan, «far­mak» – der­man we «gno­si­ýa» – ylym diý­mek­dir. As­lyn­da, bu ýag­daý di­ňe ary­lar­da däl, eý­sem, guş­lar, ke­ýik­ler, pil­ler, maý­myn­lar we it­ler ýa­ly beý­le­ki jan­dar­lar­da-da duş gel­ýär. Jan­dar­la­ryň dür­li ke­sel­le­re gar­şy gö­reş­mek, hat­da ke­sel dö­red­ýän mik­ro­or­ga­nizm­ler­den go­ran­mak üçin bak­te­ri­ýa­la­ryň kö­pel­me­gi­niň öňü­ni al­ýan aý­ra­tyn iý­mit­le­ri has go­wy gör­ýän­di­gi mä­lim­dir. «PloS One» yl­my-luk­man­çy­lyk žur­na­lyn­da bel­le­ni­li­şi­ne gö­rä, ba­la­ry­lar hek ke­se­li­ne se­bäp bol­ýan «Ascop­hae­ra apis» kö­me­le­jik­le­ri­niň ýo­kuş­ma­gy­na gar­şy ösüm­lik şi­re­si bi­len özü­ni go­ra­ýar. Mun­dan baş­ga-da, ary­la­ryň iý­mi­ti la­bo­ra­to­ri­ýa­da ösüm­lik şi­re­si bi­len baý­laş­dy­ry­lan­da, kö­me­lek mugt­ho­ru­nyň ýo­kanç­ly­gy pe­sel­ýär. Öz-özü­ni be­jer­ýän jan­dar­lar, köp­lenç, mugt­hor­la­ra uç­ra­nyn­da iý­mit­le­ni­şi­ni üýt­ged­ýär­ler. Ger­ma­ni­ýa­nyň Mar­tin Lýut­e­riň ady­ny gö­ter­ýän uni­wer­si­te­ti­niň pro­fes­so­ry Sil­wio Er­ler we kär­deş­le­ri bar­lag­la­ryň ne­ti­je­sin­de «No­se­ma cera­nae» ke­se­li­ne uç­ran ary­la­ryň nek­tar­la­ryň ara­syn­dan iň ýo­ka­ry an­ti­bak­te­ri­al hä­si­ýet­li­si bi­len iý­mit­len­me­gi ma­kul bil­ýän­dik­le­ri­ni kes­git­le­di­ler. Ke­sel­län ba­la­ry­la­ra dört dür­li bal ekst­rak­ty be­ril­di, ola­ryň her­si­niň dür­li de­re­je­li an­ti­bio­tik tä­si­ri bar. Bu bal ekst­rakt­la­ry lin, gü­ne­ba­kar we ro­bi­ni­ýa ýa­ly ösüm­lik­ler­den alyn­dy. Dör­dün­ji­si süý­ji ýap­rak sa­pyn­dan alyn­dy. Bar­lag­la­ryň do­wa­myn­da ula­ny­lan dört ekst­rak­tyň ara­syn­da gü­ne­ba­kar ba­ly mik­rob­la­ra gar­şy has güýç­li tä­sir ede­ni bol­dy. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de hem ary­la­ryň gü­ne­ba­kar ba­ly­ny has köp iý­ýän­dik­le­ri bel­le­nil­di. Şeý­le hem gü­ne­ba­kar ba­ly­ny iýen ary­la­ryň ke­sel ýo­kuş­ma de­re­je­si­niň lin ösüm­li­gi­niň ba­ly­ny iý­ýän ary­lar bi­len de­ňeş­di­ri­len­de 7 gö­te­rim pe­se­len­di­gi aý­dyl­ýar. Er­ler we onuň to­pa­ry ta­ra­pyn­dan ge­çi­ri­len baş­ga bir bar­lag­da ba­lyň her gör­nü­şi­niň bir ke­se­le gar­şy tä­sir ed­ýän­di­gi anyk­lan­dy. Ary­lar dür­li ýo­kanç­ly ýag­daý­lar­da haý­sy iý­mi­tiň has tä­sir­li bol­ýan­dy­gy­ny bil­ýär­ler we şo­ňa gö­rä iý­mit­len­ýär­ler. Bir söz bi­len aý­dy­lan­da, ary­lar ke­sel­län­le­rin­de, luk­man­la­ryň ke­se­le gö­rä dür­li der­man­la­ry ber­şi ýa­ly, iý­mi­ti­ni üýt­ge­dip, ke­se­liň öňü­ni al­ma­ga we öz­le­ri­ni be­jer­mä­ge ukyp­ly­dyr­lar.