Howa maglumaty

31 Awgust 2021
1267

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty:

Aşgabatda: az bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8-10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +22...+24° maýyl, gündizine +35...+37° yssy bolar. Howanyň basyşy 734 mm, çyglylygy 10 — 30 %.