Suw — ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi

19 Awgust 2021
1143

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzyň suw baýlyklaryny goramak we tygşytly ulanmak babatynda suw hojalyk ulgamynda düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär.

Suw ynsanyň durmuş abadançylygyny kesgitleýän tebigy baýlyk hasap edilýär. Suw diňe bir ýaşaýşyň gözbaşy bolman, eýsem, ol ýaşaýşyň gös-göni özi bolup durýar. Türkmenistanyň kanunçylygynda suwlar diýlende, ýurdumyzyň suw gaznasynyň düzümine girýän ýerüsti we ýerasty suw çeşmelere, derýalara, köllere, akabalara, suw howdanlaryna we beýleki suwly ýerlere düşünilýär. Hazar deňziniň türkmen bölegi hem şu suw gaznasyna degişlidir. Suw ýaşaýyş üçin esasy şert bolmak bilen, ol ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýaşaýyş gurşawyny emele getirýär, senagat we oba hojalyk önümçiliginde, dynç alyş we şypahana üçin zerur şert bolup çykyş edýär.

Uzukjemal PAŞŞYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.