Türkmenistan boýunça 2021-nji ýylyň awgust aýynyň 16-22-si aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

16 Awgust 2021
1183

Aşgabatda: az bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-10-dan 9-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +21...+23o-dan +23...+25o aralygynda maýyl, gündizlerine +33...+35o maýyldan +37...+39o aralygynda yssy bolar.

Arçabilde: az bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6-9-dan 8-11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20...+22o-dan +22...+24o aralygynda maýyl, gündizlerine +32...+34o maýyldan +36...+38o aralygynda yssy bolar.