Ata kesbini halallaýan ogul

16 Awgust 2021
1316

Meniň asly türkmengalaly, häzirki wagtda Mary şäherinde ýaşaýan Bäşim Ýusupdurdyýew bilen tanyşlygyma 15 ýyldan gowrak wagt boldy. Şondan bäri hem men onuň bilen gadyrly gatnaşykda.

2019-njy ýylyň maý aýynyň 14-ine ol meni öýüne çaýa çagyrdy. Men bir-iki sany ýoldaşym bilen olara myhmançylyga bardym. Barsak, Bäşim hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltlik kitabyny daşyna üýşüripdir, töwereginde bolsa ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlan melhemlerini çykaryp goýupdyr. Biz tagamdan soň, töwir etdik--de, derde derman bolýan melhemler bilen gyzyklanyp başladyk.