Innowasion tehnologiýalaryň ähmiýeti

14 Mart 2021
1265

Dünýäde maglumat tehnologiýalar merkezleri ylmyň we tehnikanyň ösüşine laýyk gelýän innowasiýa kuwwatyny emele getirýär. Şonda döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary ylym, bilim edaralary bilen özara hereket edýär. Programma üpjünçiligi esasynda önümçilik kuwwatlyklarynyň işi maglumat tehnologiýalar merkezleri arkaly amal edilýär. Şeýle innowasion merkezlerde serwis hyzmatlary, dürli taslamalar amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetini tehnologiýalar arkaly ösdürmek meselesine ylmy taýdan uly ähmiýet berýär. Bu innowasion ugry ösdürmekde bilimiň, ylmyň önümçilikdäki orny pugtalandyrylýar. Täze maglumat tehnologiýalaryny döretmek üçin innowasion gurşaw emele getirilýär. Sanly ykdysadyýete geçmek üçin “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň ýanynda “Sanly çözgüt IT meýdança” hojalyk jemgyýeti döredildi.

Jennet MEREDOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.