Öwrediji oýunlaryň ähmiýeti

11 Mart 2021
1348

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpelere oýunlaryň dürli görnüşleri oýnadylýar. Olaryň gurluşlary-da, maksatlary-da, ýerine ýetiriliş usullary-da dürli-dürlüdir. Uly toparlarda sözleýiş dilini kämilleşdirmek maksady bilen oýunlaryň öwrediji görnüşini saýlap almak bilen, körpeleriň işjeňliginiň artmagyny gazanýaryn. Çaganyň fiziki hereketi näçe işjeň bolsa, onuň sözleýiş diliniň-de şonça tiz ösýändigini pedagogik tejribeler subut edýär.

Oýun oýnadylanda körpeleri gyzyklandyraýjak okuw, usuly-görkezme esbaplaryň ähmiýeti örän uludyr. Görkezme esbaplarynyň hem oýnawaçlaryň, suratlaryň we beýleki enjamlaryň çagalaryň ýaş aýratynlygyna görä saýlanyp alynmagy zerurdyr. Mysal üçin, “Kim köp söz taparka?” diýen oýny ýerine ýetirmek üçin çagalary dört topara bölýärin. Olaryň ünsüni toparyň otagyndaky interaktiw tagta çekýärin. Bu tagtada öňden elektron göterijide taýýarlanan, dört bölege bölünen, her bölekde-de agzy bukjaly ak kepderiler peýda bolýar. Men ak kepderilerdäki bukja açylanda olardan nämäniň çykjakdygyny soraýaryn. Bu sowal körpelerde uly gyzyklanma döredýär. Olaryň soragly nazarlary şol tagtada eglenýär. Şonda: “Çagalar, ynha, serediň!” — diýip, ak kepderilerdäki bukjalary açmaga başlaýaryn. Her bukja açylanda, çekimli sesleriň biri peýda bolýar.

Maýsa SAPARKULOWA,
Döwletli etrabyndaky “Akpamyk” atly 16-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.