«Görogly» şadessanynda Watan mukaddesligi

10 Mart 2021
1758

Watan düşünjesi halkymyzda iň uly mukaddeslik hasaplanýar. Aslynda, diňe türkmenler däl, eýsem, dünýäniň ähli milletleri üçin Watandan eziz gymmatlyk ýok bolsa gerek. Her bir halk öz ýurduny gözüniň göreji ýaly aýap saklaýar. Şoňa görä, ata-babalarymyz Watan düşünjesini ähli zatdan belentde goýupdyrlar. Ýurduny goramak, halkyň abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek her bir türkmeniň ilkinji borjy hasaplanypdyr. Watan öňündäki belent borç hakyndaky düşünjeler edebiýatymyza, milli mirasymyza giňden ornaşyp, ençeme beýik eserler döräpdir. Nusgawy şahyrlarymyz mert ýigitleri, olaryň gahrymançylyklaryny wasp edýän goşgudyr dessanlary döredipdir. Bu günki günde Magtymguly Pyragynyň, Seýitnazar Seýdiniň, Gurbandurdy Zeliliniň hem-de beýleki ägirtleriň şygyrlary watanperwerligiň senasy bolup ýaňlanýar. Türkmen dessanlary hem halkymyzyň şöhratly taryhyny, gahrymançylyklaryny beýan edýän naýbaşy eserler bolmak bilen, ýaşlary dessanlaryň gahrymanlarynyň asylly häsiýetleri esasynda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Oguz han atamyzyň: “Ser bereris, ýer bermeris” diýen jümlesi ata-babalarymyzyň durmuş ýörelgesine öwrülipdir. Halkymyz Salyr Gazanyň, Däli Domrulyň, Döwletýar begiň we beýleki taryhy şahsyýetleriň gahrymançylyklaryny özlerine nusga edinipdirler. Olaryň arasynda Görogly beg has-da tapawutlanýar.

Görogly beg türkmen halkynyň asylly sypatlaryny, edermenligini, şahandazlygyny özünde jemleýän gahryman. Türkmenlerde güýçli, mert, edermen adamlar Görogla deňelýär. Halkymyz oňa hemişe ruhy hemaýatkäri hökmünde garapdyr. Şonuň üçin-de, “Görogly” şadessany türkmen halkynyň uly sarpa goýýan edebi eseridir. Halkyň arasynda ony tutuşlygyna ýatdan bilýän adamlar örän köp bolupdyr. Toýlarda dessançy bagşylaryň ýerine ýetirmeginde şadessandan parçalar adamlaryň şatlyk-şowhunyny artdyrypdyr. Ony ýatdan bilýän dessançy bagşylar aýratyn hormata eýe bolupdyrlar. Göroglynyň gahrymançylygy türkmenlere ruhy lezzet beripdir we ýagşy ahlak sypatlaryny terbiýeläpdir.

Annagözel HALLYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.