Rowaç menzilleriň gözbaşy

9 Mart 2021
978

Döwlet syýasatynda halkymyzyň abadançylygyny, bagtyýarlygyny baş maksada, ynsanperwerligi, ynanyşmagy, adalatlylygy esasy ýörelgä öwren hormatly Prezidentimiz milli bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmegi elmydama üns merkezinde saklaýar. Sebäbi, mähriban Arkadagymyzyň aýratyn nygtaýşy ýaly, bilim täzelenişiň, döredijiligiň çeşmesidir. Şonuň üçin hem ylymdyr bilimi Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň gazanýan köptaraply ösüşleriniň gözbaşynda goýýan Gahryman Prezidentimiziň aladalary arkaly ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Ýaş nesillerimiziň halkara ülňülerine laýyk bilim, milli ruhumyza laýyk terbiýe almaklary, hünär edinmekleri üçin zerur şert-mümkinçilikler döredilýär. Bagtyýar nesilleriň tebigy ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmagy, döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmegi nazarlaýan şeýle giň gerimli aladalaryň oňyn netijelerini bolsa biz — bilim işgärleri gündelik işimizde ähli aýdyňlygy bilen görýäris.

Ruhy we beden taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek türkmen halkynyň gadymdan gelýän mizemez durmuş ýörelgeleriniň biridir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň bu durmuş ýörelgeleri diňe bir mynasyp dowam etdirilmek bilen çäklenilmän, eýsem, mazmun taýdan has-da baýlaşdyryldy. Bilim ulgamynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeler buýsandyryjydyr. Ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilligiň täze belentliklerine göterýän bu özgertmelere yhlasly zähmet bilen jogap bermek bolsa, bagtyýar ýaşlarymyzyň hem-de bilim işgärleriniň mukaddes borjudyr.

Gülälek ORAZDURDYÝEWA,
Balkanabat şäherindäki 24-nji orta mekdebiň mugallymy.