Ösüşlere beslenýän nurana şäher

25 Fewral 2021
720

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary hem-de şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, eziz Watanymyzyň baş şäheri Aşgabat ösýär we gözelleşýär.

Şu günler milli Liderimiziň badalga bermegi bilen ýurdumyzda, şol sanda paýtagtymyzda Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna we Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyna giňden taýýarlyk görülýär. Muňa öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýtagtymyzyň häkimliginde Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlanyp geçiren maslahatyndan hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Döwlet Baştutanymyz maslahatyň barşynda şäheri gurmagyň degişli inženerçilik we ýol-ulag düzümini, täze desgalaryň bezeg aýratynlyklaryny, olaryň ýanaşyk çäkleriniň abadanlaşdyrylyşyny öz içine alýan täze taslamalar bilen tanyşdy.

«Mugallymlar gazeti».