Ýylyň mugallymy — 2021

23 Fewral 2021
950

TEJEN. Şäherdäki 2-nji orta mekdepde «Ýylyň mugallymy — 2021» atly bäsleşigiň şäher tapgyry geçirildi. Şäher bilim bölüminiň hem-de Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň şäher Geňeşiniň bilelikde guramagynda bolan bäsleşige umumybilim berýän mekdepleriň mugallymlary gatnaşdy.

Arzyly käriň eýeleri bolan mekdep mugallymlary bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, hünär babatdaky ukyp-başarnygyny, tejribesini degişli şertleriň üsti bilen açyp görkezdiler. Olaryň ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermek, okatmagyň öňdebaryjy iş usullaryndan peýdalanmak, sapaga döredijilikli çemeleşmek hem-de onuň netijeliligini gazanmak babatdaky başarnygyna eminler topary mynasyp baha berdiler.