Eşretli eýýamyň eýeleri biz

22 Fewral 2021
943

Gahryman Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýylynda gazanylýan ösüşler, ýetilýän belent sepgitler ýurdumyzyň ähli ulgamlarda bedew bady bilen öňe barýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup dabaralanýar. Baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy giňden bellenilen geçen ýyly Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli baştutanlygynda taryhy özgertmelere hem-de tutumlara beslän agzybir halkymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda hem uly üstünliklere ýetmek üçin zähmetsöýerligiň nusgasyny görkezýär. Sebäbi 2021-nji ýyl Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň taryhynda aýratyn möhüm, aýratyn ähmiýetli ýyldyr. ªu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzy gazananymyza 30 ýyl dolýar.

Taryhy jähetden alanyňda, bu ujypsyz möhlet bolsa-da, Arkadag Prezidentimiziň badalga beren Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gazanan ösüşleri asyrlara barabar bolup, döwletimiziň dünýädäki at-abraýy arşa göterildi. Türkmenistanyň Bitarap döwlet hökmünde Ýer ýüzünde parahatçylygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny, ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmakda öňe sürýän başlangyçlary dünýä döwletleri tarapyndan hemişe uly godawa eýe bolup gelýär. Ýurdumyzyň islendik ulgamyny alyp görenimizde-de, onda ýylba-ýyldan täze sepgitlere ýetilýändigine biziň her birimiz şaýat bolup ýörüs. Obalarymyzyň, şäherçelerimiziň, şäherlerimiziň tanalmaz derejede gözelleşendigi, Diýarymyzyň sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekanyna öwrülendigi hem döwrümiziň buýsandyryjy hakykatydyr.

Hatyjabibi AMANGYLYJOWA,
Türkmenbaşy etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy.