Berkarar Watanyň kuwwaty

22 Fewral 2021
1040

Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek bagtyýarlyk döwrümiziň üns berilýän meseleleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiziň bu babatda edýän aladalarynyň netijesinde ýurdumyzda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda, onuň hil taýdan dünýä ülňülerine laýyk gelmegini gazanmakda, täze innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak arkaly sanly bilime geçmekde ägirt uly işler durmuşa geçirildi. Örän gysga döwür içinde ulgamda amala aşyrylan hem-de üstünlikli dowam etdirilýän düýpli özgertmeler, ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almaklary üçin durmuşa geçirilen anyk çäreler bilim işgärlerini örän guwandyrýar.

Bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekde, sanly serişdeleriň hyzmatyndan peýdalanyp, bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakda yzygiderli alnyp barylýan tutumlaryň ählisi bagtyýar nesle döwrüň ýokary talapla-

Hakmyrat MYRADOW,
Balkanabat şäherindäki 1-nji orta mekdebiň mugallymy.