Bagtdan paýly nesiller

22 Fewral 2021
855

Gahryman Prezidentimiziň pähim-paýhasly baştutanlygynda bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan ata Watanymyzda röwşen geljegimiz bolan ýaş nesillerimiz uly alada bilen gurşalýar. Olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly, giň gözýetimli, edep-ekramly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen milli maksatnamalar, giň gerimli toplumlaýyn özgertmeler üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Ýaş nesliň bilim we döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmek üçin bilim-terbiýe edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar, güneşli Diýarymyzyň ähli künjeginde täze bilim ojaklary gurulýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bagtly durmuşyň goýnunda ösüp-ulalýan çagalar ýurdumyzyň nurana geljegidir. Şonuň üçin hem ruhy we beden taýdan sagdyn, watansöýüji, ruhubelent, giň dünýägaraýyşly, bilim--terbiýeli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ene-atanyň, bilim işgärleriniň yhlasyna baglydyr.

Jennetgül REJEPOWA,
Serdar etrabyndaky 3-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.