Ösüşleriň binýady

22 Fewral 2021
1066

Milli Liderimiziň beýik başlangyçlary netijesinde ähli ugurlar bilen bir hatarda bilim ulgamyny döwrebap derejede ösdürmekde uly işler alnyp barylýar. Bu günki gün ýurdumyzyň bilim ulgamyna ösen tehnologiýalary ornaşdyrmak, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly öňegidişlikler gazanylýar. Täze gurlup ulanylmaga berlen we bar bolan çagalar baglaryndan başlap, orta we ýörite orta, ýokary okuw mekdepleri häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilýär. Şolaryň netijesinde ýaşlaryň dünýä derejesinde bilim almagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek hakynda Konsepsiýa» kabul edildi. Şunlukda ýurdumyzda sanly ulgamyň bilim berlişiniň hilini ýokarlandyrýandygy ikuçsuzdyr. Muny mugallymlaryň geçýän okuw sapaklarynyň mysalynda aýdyň görmek bolýar.

Ahmet NEDIROW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.