Kitaba söýgi — bilime söýgi

20 Fewral 2021
1762

Ýurdumyzda amala aşyrylýan bilim özgertmeleriniň esasy ugurlarynyň biri-de okuw kitaplarynyň üpjünçiligi bilen baglydyr. Kitaplary taýýarlamaga ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem işjeň gatnaşýarlar. Türkmen, rus dillerinde okadylýan mekdepleriň dürli synp okuwçylaryna niýetlenen kitaplaryň hili we mazmuny barha kämilleşýär. Olaryň okuwçylar üçin ulanmaga amatly, agramyndan başlap, bezegine çenli talabalaýyk bolmagyna aýratyn üns berilýär.

Ýaşlarda döwrebap okuw kitaplaryna söýgi döretmek hem-de olary aýawly ulanmagy öwretmek bilim-terbiýeçilik işgärleriniň, ene-atalaryň borjudyr. Şu meselä ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz golaýda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda bilim edaralaryny okuw kitaplary we gollanmalary bilen ýeterlik derejede üpjün etmek boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini nygtap, okuwçylara kitaby aýawly saklamagy elmydama ündemelidigini tabşyrdy.

Aýçagül HAÝYDOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.