Sanly bilim — ösüşlere badalga

19 Fewral 2021
1619

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikler döredildi. Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmenistanyň gülläp ösüşi, durmuşymyzyň mundan beýläk hem gözelleşmegi bilimli, ylymly, ukyply ýaş nesillere baglydyr» diýip bellemegi bilim ulgamyna döwleti hemmetaraplaýyn ösdürmegiň esasy şertleriniň biri hökmünde garap, ýaşlaryň bilim-terbiýesi barada uly alada edýändigini görkezýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim-terbiýeçilik edaralarynyň maddy-tehniki üpjünçiligi gowulanýar. Olaryň işini kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, üstümizdäki okuw ýylynda hem birinji synpa baran okuwçylara mähriban Arkadagymyzyň sowgady bolan, ýurdumyzda öndürilen «Bilimli» atly şahsy kompýuterleri sowgat berildi. Bu bolsa ýaş nesliň kompýuterden oňat baş çykarmagyna itergi berer.

Sapargül ATABAÝEWA,
Balkanabat şäherindäki 6-njy orta mekdebiň mugallymy, kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy.