Ýaş nesil — Watanyň geljegi

19 Fewral 2021
879

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym-bilim ulgamy ýurduň, jemgyýetiň ösüşini kesgitleýän möhüm ugurlaryň birine öwrüldi. Häzirki wagtda ulgamy halkara ölçeglerine laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň geljekde hem gülläp ösmegini bilimli, giň dünýägaraýyşly, ösen tehnologiýalardan ezberlik bilen baş çykarýan nesli kemala getirmek bilen baglanyşdyrýan döwlet Baştutanymyz ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, sanly ulgamy ösdürmek, diňe bir ýokary okuw mekdeplerinde däl-de, umumybilim berýän orta mekdeplerde hem öwredilýän daşary ýurt dilleriniň gerimini giňeltmek boýunça uly işleri amala aşyrýar.

Elbetde, bilim ulgamynda alnyp barylýan özgertmeler döwletimiziň geljekki ösüşini üpjün etmeklige, ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynyň binýadyny pugtalandyrjak kämil hünärli ýaş nesilleri taýýarlamaklyga gönükdirilendir. Diýarymyzyň çar künjeginde bilim-terbiýeçilik maksatly täze binalaryň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegi, olaryň dünýä ülňülerine gabat gelmegi, interaktiw-multimediýa enjamlary bilen üpjün edilmegi bolsa, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň barha berkidilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. 

Kümüş HYDYROWA,
Balkanabat şäherindäki 12-nji orta mekdebiň mugallymy.