Şanly senäniň şanyna

19 Fewral 2021
903

Öňňin ýurdumyzda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni dabaraly ýagdaýda bellenip geçildi. Şol gün bu sene mynasybetli Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Türkmenistanyň diplomatiýasy — onuň taryhy, häzirki döwri, geljegi» atly ylmy maslahat geçirildi.

Foruma ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň baştutanlary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we mugallymlary, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahata şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň, milli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

«Aşgabat».