Deňhukukly gatnaşyklara eýerip

19 Fewral 2021
828

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Açyk gapylar» syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň, Diýarymyzda giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagynyň netijesinde ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän döwletleriň, abraýly halkara guramalaryň sany barha artýar. Munuň şeýledigine şu günler sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän köpsanly duşuşyklar, gepleşikler we beýleki çäreler hem şaýatlyk edýär.

Öňňin Daşary işler ministrliginde Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistan boýunça söwda baradaky ýörite wekili hanym Emma Nikolsonyň ýolbaşçylygyndaky wekilleri bilen söwda-ykdysady meseleleri boýunça onlaýn duşuşyk geçirildi.