Ösüşiň täze belentliklerine tarap

19 Fewral 2021
918

Öňňin Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň gününe gabatlanylyp «Türkmenistanyň diplomatiýasy — onuň taryhy, häzirki döwri, geljegi» atly ylmy maslahat geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň baştutanlary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we mugallymlary, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň, milli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda hormatly Prezidentimiz tarapyndan milli diplomatiýanyň dabaralanmagy ugrunda alnyp barylýan beýik işleriň beýanyna aýratyn orun berildi.

Türkmenistanyň özüniň içerki ösüşiniň aýrylmaz bölegi hökmünde dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylmy-tehnologik, informasion proseslere giňden we işjeň gatnaşmagyň bähbidine strategiki ugry saýlap alandygyny ynamly aýtmak bolar. Munuň özi ýurdy häzirki zamanyň global maksatlarynyň ösüşine we talaplaryna laýyk gelýän derejä çykarmak boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmekde esasy şert bolup hyzmat edýär. Şu jähetden, Türkmenistanyň hil taýdan täze daşary syýasat ugrunyň mysaly hökmünde döwlet Baştutanymyzyň: «Bu gün Türkmenistan dünýä üçin açykdyr, ähli ugurlar boýunça giň halkara hyzmatdaşlygy üçin açykdyr. Milletler bileleşigi bilen bilelikde biziň ýurdumyz geljekde hem döwletleriň arasynda häzirki zaman gatnaşyklary kesgitleýän faktorlar hökmünde halkara hukugynyň ýörelgeleriniň, ynsanperwerligiň nusgasynyň, adalatyň, geçirimliligiň, özara sylag-hormatyň berkidilmeginiň hatyrasyna işlemäge taýýardyr» diýen sözleri uly ähmiýete eýedir.

Almanar ÝAZBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy.