Milli medeniýetimiziň möhüm ugurlary

9 Fewral 2021
1002

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde milli ykdysadyýetimiziň ulgamlarynyň, pudaklarynyň her biriniň uly orny we ähmiýeti bar. Şonuň üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň işini kämilleşdirmäge we netijeliligini gazanmaga möhüm ähmiýet, uly üns berýär. Muňa döwlet Baştutanymyzyň şu günler pudaklary ösdürmek boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirýän iş maslahatlarynyň hem-de onuň barşynda öňde goýýan wezipeleriniň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar.

7-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow käbir Hökümet agzalarynyň, medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylarynyň, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Medeniýet ulgamynda we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ösdürmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garalan bu iş maslahatynda olary ösdürmegiň geljekki wezipeleri kesgitlendi.

«Mugallymlar gazeti».