Türkmenistanyň Prezidentiniň geçiren iş maslahatlary

8 Fewral 2021
872

5-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda geçen ýyl ýurdumyzyň söwda toplumyny ösdürmek ugrunda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň gün tertibine geçip, ilki bilen, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri O. Gurbannazarowa söz berdi. Ministr «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» amala aşyrmagyň çäklerinde geçen ýyl ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.