Gyş aýlary ýüze nähili ideg etmeli?

1 Fewral 2021
3224

Hünärmenler we lukmanlar gyşyň sowuk we şemally howalarynda ýüzümiziň derisine idegiň artdyrylmalydygyny belleýärler. Olaryň aýtmaklaryna görä, gyş aýlary ýüzüň derisiniň gurap, ýag ýetmezçiligi duýulýar, şeýle-de antioksidantlar we käbir derini iýmitlendirijiler kemelýär. Bu bolsa deriniň gyzaryp, ýarylyp, hatda onuň wagtyndan öň garramagyna hem sebäp bolup bilýär. Şol sebäpden bu aýlarda derini iýmitlendiriji E, C, A ýokumlara baý bolan önümler bilen iýmitlenmegimiz we ýörite ýüz üçin ýapgylary ulanmagymyz gerekdir. Geliň, bu barada hünärmenleriň berýän maslahatlaryny belläp geçeliň!

2 nahar çemçe gaýmaga 1 ýumurtganyň sarysyny goşup, gowy garmaly. Onuň üstüne 1 çaý çemçe käşir suwuny goşmaly. Taýýar garyndyny ýüze çalyp, 20 minut saklamaly. Soňra ýüzi mylaýym suw bilen ýuwmaly. Bu ýapgy ýüzi iýmitlendirýär we ýalpyldadýar.

Rozygül Narmamedowa,
Çärjew etrabyndaky 29-njy orta mekdebiň mugallymy.