Kakadylan miweleriň peýdasy

30 Ýanwar 2021
1434

Sahawatly türkmen topragy ýylyň-ýylyna tagamy datly miwedir ir-iýmişleriň, gök we bakja önümleriniň dürli görnüşlerini boldan eçilýär. Adam saglygy üçin iňňän peýdaly, düzümi ömrüňe ömür goşýan witaminlere baý önümleri uzak wagtlap saklamagyň dürli usullary bar.

Ter miweleri taýýarlamagyň iň amatly hem netijeli usuly olary guratmakdyr. Bildirilýän talaplaryň ählisi berjaý edilip taýýarlanan kakadylan miweler hatda uzak wagtlap saklanan ýagdaýynda hem A, B1, B2, С, D witaminleri düýbünden ýitirenok. Gaýtam, miweler guradylanda saglyk üçin ter görnüşindäkiden hem has peýdaly bolýar.

Maýagül GARAJAÝEWA,
Aşgabat şäheriniň 16-njy saglyk öýüniň maşgala şepagat uýasy.