Durmuş ýörelgesi işjeňleşýär

29 Ýanwar 2021
1398

Eziz Diýarymyzda her bir raýatyň saglygy döwlet tarapyndan goralýar. Milli Liderimiz sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary we şahsy göreldesi arkaly ony wagyz ediji bolmak bilen, saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek meselelerine örän uly üns berýär. Bu ugurda giň gerimli anyk çäreler yzygiderli durmuşa ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurda amala aşyrýan derwaýys işleri «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019—2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» we «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda giňişleýin beýan edilýär.

Hormatly Prezidentimiziň saglygy goraýyş ulgamynda üstünlikli durmuşa geçirýän düýpli özgertmelerine mähriban Diýarymyzyň ähli künjeginde yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýän saglygy goraýyş edaralarynyň häzirkizaman desgalarynyň mysalynda göz ýetirip gelýäris. Bagtyýarlyk döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenabat şäherinde gurduryp beren welaýat köpugurly hassahanasy hem munuň aýdyň beýanydyr. Hassahanada Ýaponiýanyň, Türkiýäniň, Germaniýanyň we beýleki ösen döwletleriň belli kompaniýalarynyň iň kämil enjamlarynyň ornaşdyrylmagy bu ýerde ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary hilli bolmagyna oňyn täsir edýär. Bu bolsa örän guwandyryjydyr. Biz talyplarymyza şular dogrusynda giňişleýin gürrüň bermek bilen, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, yzygiderli bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy maslahat berýäris.

Nartäç MYRADOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.