Sport we saglyk

29 Ýanwar 2021
1270

Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe we sporty giňden ösdürmek we sagdyn durmuş ýörelgesini işjeň wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Biz hem sportuň käbir görnüşleriniň ynsan saglygyna ýetirýän peýdasy hakynda gürrüň etmegi makul bildik.

Pyýada ýöremek. Pyýada ýöremek bedeni berkitmegiň iň ýeňil we iň howpsuz usulydyr. Pyýada ýörelende süňkler we bogunlar bekeýär, gan bedende has oňat aýlanyp başlaýar. Bedeniňizdäki artykmaç ýaglar aýrylýar, zäherli maddalar bolsa der bilen bedenden çykýarlar. Köp keselleriň sebäbi bolan holesteriniň hem mukdary azalýar. Bedende keýpiköklügi üpjün edýän endorfin gormonynyň öndürilmegine ýardam edýär. Pyýada ýöremek dartgynlygy aradan aýyrýar. Ukymyzyň rahat bolmagy üçin ýöremegiň peýdasy uludyr. Arassa howada gezelenç etmek ýüregiň täç görnüşli damarlarynyň şikeslenmeginiň öňüni alýar, gandaky şekeriň derejesini kadalaşdyrýar.

Jeren ALLAMURADOWA,
Aşgabat şäheriniň 2-nji Saglyk öýüniň maşgala lukmany.