Görüm-göreldäm eje

28 Ýanwar 2021
2490

Mahal-mahal ejeli günlerimi ýatlaýaryn. Şol günleri ýatladygymça, süňňüm ýeňläp, göwnüme şatlyk aralaşýar. Ýüregime niredendir bir ýerden gelýän ýylylyk tutuş bedenime gurbat berýär. Ejemiň mylaýym sesi gulagymda ýaňlanyp, onuň mähirli gözleri maňa bakyp duran ýaly bolýar. Şol pursat, eger bolýan bolsa, şol arzyly — ejeli günlerimiň gujagyna dolanyp barasym gelýär...

Golaýda joralarymyň biriniň jaý toýuna gatnaşdyk. Dürli-dümen naz-nygmat bilen bezelen toý saçagynyň başyna geçenimizden soň nahar goýlup başlady. Birden öý eýeleriniň biri: «Saçakda kem zat barmy?!» diýip sorady. Saçak başyndakylar ýerli-ýerden: «Kem zat ýok, arkaýyn boluň» diýişdiler. Bu sözleri eşiden joram saçakda bir kemçiligiň bardygyny, ýöne ony diňe özüniň bilýändigini aýdyp, syrly ýylgyrdy. Geň galyp bir-birimiziň ýüzümize seredişdik. Ol barmana-da daşky gapy açylyp: «Salamälik» diýen ses eşidildi. Joram:

Akgül SAPAROWA,
žurnalist.