Sagdynlyk we ruhubelentlik — bagtyýarlygyň şuglasy

28 Ýanwar 2021
1415

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» döwlet maksatnamasynda ilatymyzyň saglygyny berkitmek, dürli keselleriň öňüni almak, raýatlaryň talabalaýyk iýmitlenmegini we sagdyn durmuşda uzak ýaşamagyny gazanmak babatda, şeýle hem ýokanç däl keselleriň öňüni almak, çaganyň irki ösüşi we ony mekdebe taýýarlamak boýunça uly wezipeleri durmuşa geçirmek bellenilýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary bilen ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça birnäçe Milli maksatnamalar we strategiýalar kabul edildi. Ýokanç däl keselleriň we olaryň döremegine getirýän howp toparlarynyň garşysyna göreşmek XXI asyrda iň möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Az hereketlilik, ýaga we uglewodlara baý bolan iýmit önümleriniň görnüşiniň köpelmegi we olary köp mukdarda iýmitde ulanmak ýokanç däl keselleriň döremeginiň esasy sebäpleriniň biri bolup durýar. Dünýä statistikasynda ýokanç däl keselleriň sagdyn durmuşyň ilerlemegine ýaramaz täsir edýändigi barada takyk maglumatlar bar. Ýürek-damar, howply täze döremeler, dem alyş ýollarynyň dowamly keselleri we süýjüli diabet keselleri ýokanç däl keselleriň esasyny düzýär.

Ilmyrat GURBANOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmasiýa kafedrasynyň müdiri.