Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

21 Ýanwar 2021
1831

Türkmenistan — dilde dessan, jigerimde janymsyň sen müdimi,
Türkmenistan — nurly asman, dünýä dolan taryhyň bar gadymy,
Türkmenistan — bir jan-u-ten, halk hem Watan, gadamlary edaly,
Topragyňda güldür gülşen, bagyň-erem, bilbilleriň şeýdaýy,
Daglaryň galkan — goýny melhem, öwsen ýelleriň sedaly,
Çeşmeleriň durşy ylham — şahyra gazal-u şygyr meýdany,
Goja Hazar, joşly Jeýhun, bakdygy tanaýyr merdi-merdany,
Biziň mekan özgerişde, güni-günden, ýyly-ýyldan sapaly,
Toý lybasly oba-kendiň pälwany göreş tutup, at çapany,
Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany.

Parahatlyk — bu Watanyň keşbinde, bardyr mukam-aýdymynda,
Parahatlyk — bu Watanyň kesbinde, bardyr ýaşyl Baýdagynda,
Parahatlyk — bu Watanyň yşkynda, bardyr halyň öýdüminde,
Parahatlyk — bu Watanyň müşkünde, bardyr her bir ojagynda,
Parahatlyk — bu Watanyň çeşminde, diýeninde, diýjeginde,
Parahatlyk — bu Watanyň aslynda, barça dostluk serhedinde,
Parahatlyk — bu Watanyň ykrarynda, taryh siňen Tugrasynda,
Parahatlyk — bu Watanyň isminde, bardyr ymgyr ýaýlasynda,
Parahatlyk — bu Watanyň ygrarynda, erkin dünýä gatany,
Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany.

Nowruz GURBANMYRADOW,
«Edebiýat we sungat».