Altyn şuglaly ýyldyz

18 Ýanwar 2021
2746

Beh, bu günleriň täsinligini diýseňizläň! Bir günüň buşlugynyň ýakymyny kalbyňa doly siňdirip ýetişmänkäň, ertirki gün täze bir buşluk bagyşlaýar. 14-15-nji ýanwar günleriniň ýakymy özüňize belli. 16-njy ýanwarda bolsa türkmenistanly türgen gyzyň agyr atletika boýunça dünýä çempiony diýlip yglan edilendigi baradaky hoş habary aldyk. Özi-de bu ýakymly wakalaryň her biri bir milletiň, bir döwletiň serhedinden has giň. Ählisi hem halkara çäkler bilen baglanyşýar. Görüň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30-njy ýyly nähili şanly, nähili mertebeli ýyl!

16-njy ýanwar güni «Watan» habarlar gepleşiginde eşiden hoş habaryňyz her biriňiziň kalbyňyzda begenç oýarandyr. Hawa, türkmenistanly agyr atletikaçy türgen Ýulduz Jumabaýewa dünýä çempiony boldy. Özi-de bu derejä ýetip bilen ilkinji zenan türgenimiz. Munuň üstesine-de, 28 ýyldan soňra, ýurdumyza agyr atletika boýunça dünýä çempionlygyny getiren türgen. Bu — diýseň uly waka! Türkmen sportunyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylmaga tüýs mynasyp waka.

Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan».