Sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekany

13 Ýanwar 2021
2221

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýylyny şöhratly şygara beslemek, döwrebap atlandyrmak Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren ajaýyp zamanasynyň asylly däbine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Türkmenis-tan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy uludan toýlanylan 2020-nji ýyl Diýarymyzyň, halkymyzyň durmuşynda uly ähmiýetli wakalara baý bolan ýyl hökmünde taryha altyn harplar bilen ýazyldy. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy giňden belleniljek 2021-nji ýylyň «Türkmenis-tan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi hem kalbymyzy egsilmez buýsanja besledi. Türkmenistanyň teklibi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň dünýäde dabaralanýandygynyň ýene-de bir ykrarnamasy bolan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmeginden gözbaş alýan bu şygar bilen üstümizdäki ýylyň hem taryhy özgertmelere, uly wakalara beslenjekdigini ynam bilen aýtsa bolar.

Elbetde, haýsy ýurtda sagdyn durmuş ýörelgesi, köpçülikleýin bedenterbiýe, ýokary netijeli sport rowaçlanýan bolsa, hut şol ýurduň ähli ulgamlarynyň ösüşler bilen gurşalýandygy, şol döwletiň raýatlarynyň bagtyýar, eşretli, sagdyn durmuşda ýaşaýandygy — adamzat jemgyýeti döräli bäri öz subutnamasyna eýe bolup gelýän hakykat. 2020-nji ýyly, beýleki ugurlar bilen birlikde, sport ulgamynda hem öňegidişlikleriň gazanylan ýyly boldy diýip, buýsanç bilen aýdyp bileris. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda sport ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmekde, jemgyýetimiziň ähli gatlaklarynda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda, köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmekde «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň dowamynda alnyp barlan işler ýurdumyzyň dünýäde sport döwleti diýlip ykrar edilendiginiň subutnamasy boldy. 

Aşyrberdi GURBANOW,
«Balkan».