Ekologiýa abadançylygy milli Liderimiziň başlangyçlary bilen has-da rowaçlanýar

13 Ýanwar 2021
2710

Türkmenistan adamzat ösüşiniň esasy ugurlarynyň biri bolan daşky gurşawy goramakda, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmakda dünýäde işjeň orun eýeleýän ýurtlaryň biri hökmünde tanalýar. Şu nukdaýnazardan hem döwletimiz möhüm meseleleriň biri bolan daşky gurşawy goramak we ekologiýa abadançylygyny gazanmak ugrunda möhüm başlangyçlary we teklipleri öňe sürýär.

Durnukly ösüşiň esasy düzüm bölegi hökmünde, ekologiýa howpsuzlygyny we daşky gurşawy goramak bilen ilatyň abadançylygyny gazanmak esasy wezipe bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady strategiýasy BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň ykdysady, durmuş we ekologiýa ýörelgelerine laýyklykda alnyp barylýar. Daşky gurşawy goramagyň milli strategiýasy Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi we beýleki iri halkara guramalar bilen ýakyn gatnaşykda köptaraplaýyn konwensiýalaryň we ylalaşyklaryň, bilelikdäki maksatnamalaryň hem-de taslamalaryň esasynda giň halkara hyzmatdaşlyga esaslanýar. Şeýle-de ýurdumyzyň ekologiýa babatda milli hukuk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Kabul edilen täze kanunçylyk namalarynda daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, adamlaryň saglygyny gorap saklamak, ekologiýa jogapkärçiligi boýunça çäreleri hökmany ýerine ýetirmek baradaky kadalar öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň Tokaý kodeksi, «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Ösümlikleri goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary daşky gurşawy goramak meselelerini çözmekde möhüm ähmiýetlidir.

Çynar MELÄÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň uly laboranty.