Goýun guzusyny almasa...

10 Ýanwar 2021
3484

Dowardarçylyk bilen meşgullanýan adamlara körpejiň nämedigini düşündirip oturmagyň hajaty ýok. Körpeç — gyşyň ahyrynda, ýazyň başynda doglan owlak-guzulary sowukdan goramak üçin agylyň içinden gazylýan döle şekilli çukur. Onuň içine gijelerine ýaşajyk owlak-guzular salnyp goýulýar. Ýöne agylyň içinde körpeçden başga diňe bir goýun sygar ýaly gazylýan çukurlar hem bolýar. Oňa goýun körpeç ýa-da almazak çukur diýilýär. Käbir ýerlerde oňa egele, öwser, tüm hem diýilmesi bar.

Almazak çukura guzusyny almaýan goýun guzusy bilen bile salynýar. Goýun dar ýerde guzusyny mejbury emdirmeli bolýar. Bir gije-gündiz çemesi wagt bile duransoňlar guzy bilen goýnuň ysy gatyşýar. Köplenç şondan soňra goýun guzusyny tanaýar we alýar.

Şöhrat ABDYÝEW.