Ýeňiş (Hekaýa)

2 gün öň
51

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024

Şageldi agalaryň öýleriniň öňündäki ullakan tut agajynyň aşagy hemişekileri ýaly köp adamlydy. Geň galaýmaly ýeri bolsa adam köpem bolsa hiç kimden ses-üýn çykanokdy. Hemmeleriň nazary küşt tagtasynyň başyndaky iki adama we küşt tagtasyndaky atlara dikilipdi. Ähli adamyň ünsüni çekýän zat bolsa küşt oýnunyň düýn başlap, tamamlanman, bu gün hem dowam edýänligidi. Ýene-de bir oýnyň täsin ýeri bolsa oýunçylaryň ýaşydy. Kyrk ýyla golaý daýhan birleşikde baş hasapçy bolup işlän, obada küşt oýnunda hiç kimden utulmadyk Babajan aganyň garşydaşy uniwersitetiň fizika fakultetiniň dördünji ýyl talyby Mergendi. Dogrusyny boýun almaly bolsa-ha Mergeniň küşt boýunça ilkinji halypasy Babajan aganyň özüdi. Ýanaşyk goňşy bolup ýaşansoňlar oglan wagtlary Mergeni ýitirseň Babajan aganyň ýanyndan tapaýmalydy. Babajan aga-da bu zehinlije oglana ýaltanman-ýadaman küşt oýnamagy öwrederdi. Bu gün bolsa halypa-şägirdiň ýolbaşçylygynda şadyr piliň, atyň, ruhdur perziniň gatnaşmagynda küşt tagtasynyň üstünde «söweş» guralýardy. Mergeniň özüne galsa-ha ýaşuly halypasyny hormatlap ýeňlip oturyberjek. Emma şägirdiniň bilgeşleýin ýeňlenini aňaýsa Babajan aganyň gaty görjegi ikuçsyzdy. Oýun dowam edýärdi. Göçüm gezegi Babajan aganyňkydy. Onuň pikire çümeninden peýdalanan Mergeniň hyýaly bir pursatlyk Uniwersitete giräýen döwri bolan ýaryşa tarap uçdy.

Kemal SABYROW,
TMÝG-niň Görogly etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.