Ene dilini öwretmekde möhüm ugurlar

7 Ýanwar 2021
4039

Çagalyk — ynsan durmuşynyň iň möhüm döwrüdir. Bu döwürde çaganyň sagdyn ösüşiniň hem-de bütin ömrüniň dowamynda öwrenmeginiň esasy goýulýar. Mekdebe çenli bilimde öwrediji oýunlar, göwnaçmalar bilim bermegiň esasy usullarynyň biri bolup durýar. Oýun çaga durmuşynyň aýrylmaz bölegidir. Ol çaganyň fiziki, emosional we durmuşy ösüşine täsir edýär. Oýun çaga işjeňliginiň esasy ugurlarynyň biri bolup, onuň ünsüni, ýadyny, göz öňüne getirmesini ösdürýär, tertip-düzgüni kemala getirýär. Bu işler başlangyç synplarda hem dowam etdirilýär.

Milli bilim ulgamynyň öňünde durýan giň möçberli wezipeleriň biri bilimiň hilini, netijeliligini innowasion esasda ösdürmekdir. Bilim-terbiýeçilik edaralary ýokary derejedäki innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edildi we bu işler dowam edýär. Bilimiň innowasion çemeleşmeleri häzirki zaman tehniki serişdelerini, maglumat gorlaryny her bir terbiýeçiniň, mugallymyň kämil ulanmagyny talap edýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda we başlangyç synplarda ene dili sapaklary geçilýär. Bu sapaklarda her bir terbiýeçi, mugallym özleri üçin döredilýän mümkinçiliklerden doly derejede peýdalanyp, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen şahsyýetiň kemala gelmegine öz goşantlaryny goşmalydyrlar. Okuw-terbiýeçilik işlerini talabalaýyk alyp barmakda elektron bilim gorlaryny edinmegiň ähmiýeti uludyr. Elektron bilim gorlary bilim maksatlary üçin ulanylýan elektron gorlary özünde jemleýän toplumdyr.

Ogulmaral MATALOWA,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bölüm müdiri.