Çaga terbiýesinde ertekileriň ähmiýeti

7 Ýanwar 2021
4752

Çaga dünýäsine we onuň aň-düşünjesine täsir edýän halk döredijilik eserleriniň bir görnüşi hem ertekilerdir. Ertekiler çagalarda ýagşy häsiýetleri oýarmaga ýa-da berkitmäge ýardam berýär. Çagalar ertekiden çeper sözlüligi, pikirlenmegi öwrenýärler. Erteki çagalarda pikirlenişi terbiýelemekde iň ygtybarly serişdedir. Türkmen ertekilerine göz gezdirsek, olardan gadym eýýamlaryň täsin wakalaryny tapyp bolýar. Ertekiler özünde ýeňil düşünip bolýan wakalary, kähalatda bolsa göçme manyny saklaýar. Olaryň terbiýeçilik taraplary çagalar üçin örän ähmiýetlidir. Halkymyz müňýyllyklaryň dowamynda ertekileriň üsti bilen öz neslini terbiýeläp gelipdir. Biz öz çagalarymyzda nähili häsiýeti görmek isleýän bolsak, olara şol mazmundaky ertekileri okap bermeli bolýarys. Ertekiler çagada gowy häsiýeti terbiýeleýär.

Hormatly Prezidentimiziň 1-nji synpa gelýän körpelere sowgat berýän kompýuterlerinde hem türkmen halk ertekileri aýdym-sazly görnüşde hödürlenipdir. Bu ertekiler çagalaryň aňynda hemişelik galýar, soňlugy bilen olaryň sözleýiş endikleriniň ösmegine kömek edýär. Multimedia tagtalarynda görkezilýän ertekiler hem çagalarda birek-birege hormat goýmak, özüňden ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak, ene-atany sylamak, Watany söýmek ýaly häsiýetleriň terbiýelenmegine itergi berýär.

Ogulsenem ORAZTAGANOWA,
Serdar etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň mugallymy.