Iş­çi güý­jü­ni ro­bot­lar eýe­le­ýär

20 Dekabr 2024
66

Hal­ka­ra ro­bot teh­ni­ka­lar fe­de­ra­si­ýa­sy (IFR) soň­ky ýe­di ýyl­da dün­ýä­niň za­wod­la­ryn­da ro­bot­la­ryň ula­ny­ly­şy­nyň iki es­se ar­tan­dy­gy ba­ra­da ge­çi­ri­len bar­lag­la­ryň esa­syn­da ha­sa­bat çap et­di. Önüm­çi­lik­de ro­bot­la­ryň iň köp ula­nyl­ýan ýe­ri bo­lan ýurt­la­ryň sa­na­wyn­da Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy bi­rin­ji orun­da dur­ýar, Hy­taý bol­sa, 2023-nji ýyl­da bu gör­ke­zi­ji bo­ýun­ça Ger­ma­ni­ýa­dan we Ýa­po­ni­ýa­dan öňe geç­di.

Ha­sa­bat­da Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň se­na­gat ro­bot­la­ry­nyň iň köp ula­ny­jy­sy­dy­gy bel­le­ni­lip, (10 müň iş­çiň ýerine 1012 ro­bot) bu gör­ke­zi­ji 2018-nji ýyl­dan bä­ri her ýyl 5 gö­te­rim ýo­kar­lan­ýar. On­dan soň Sin­ga­pur ge­lip, ol ýer­de 10 müň iş­çiniň ýerine 770 ro­bot iş­le­ýär. Il­kin­ji üç­lü­ge Hy­taý bi­ri­gip, ol ýer­de 10 müň iş­çiň ýerine 470 ro­bot iş­le­ýär. IFR-iň baş­ly­gy Ta­ka­ýu­ki Ito­nyň pi­ki­ri­çe, ro­bot­la­ryň köp­lü­gi glo­bal önüm­çi­lik­de aw­to­mat­laş­dyr­ma­gyň de­re­je­si­ni gör­kez­ýär.