Bazarlarda baýramçylyk harytlarynyň bolçulygy

20 Dekabr 2024
69

Tä­ze ýyl baý­ram­çy­ly­gy go­laý­laş­dy­gy­ça ak ba­zar­la­ryň we söw­da no­kat­la­ry­nyň ge­lim-gi­di­mi ar­typ, söw­da­ bar­ha gy­zyş­ýar. Şu gün­ler paý­tag­ty­my­zyň, Ar­ka­dag şä­he­ri­niň hem-de we­la­ýat­la­ryň çä­gin­dä­ki ba­zar­la­ra we söw­da no­kat­la­ry­na ba­ra­nyň­da hem mu­ňa göz ýe­tir­mek bol­ýar.

Ýur­du­my­zyň äh­li ba­zar­la­ryn­da we söw­da mer­kez­le­rin­de hal­ky­my­za edil­ýän söw­da hyz­mat­la­ry­nyň de­re­je­si göw­nü­ňi gö­ter­ýär. Bu ba­zar­lar­da alyjylara eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa önüm­ler hö­dür­len­ýär. Ola­ryň ara­syn­da azyk önüm­le­ri­niň örän köp gör­nüş­le­ri, Tä­ze ýyl ar­ça­la­ry we ola­ra ni­ýet­le­nen zer­ler, çy­ra­jyk­lar, beý­le­ki ha­ryt­lar bar. El­ýe­ter­li nyrh­dan hö­dür­len­ýän şol önüm­ler­dir ha­ryt­la­ra is­le­giň örän ýo­ka­ry bol­ma­gy ola­ryň hi­li­niň go­wu­dy­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Gök-bak­ja önüm­le­ri, ir-iý­miş­ler, et­dir süýt önüm­le­ri, dat­ly şer­bet­ler, ga­raz, baý­ram­çy­lyk sa­ça­gy üçin äh­li zat­ ba­za­ryň de­giş­li bö­lüm­le­ri­ni be­ze­ýär.