Durdy Durdyýew — Ýylyň parlak ýyldyzy

16 Dekabr 2024
171

Uly üstünlikler bilen tamamlanyp barýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 16-njy dekabrynda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda, asylly däbe görä, Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň estrada we höwesjeň aýdymçy ýaşlarynyň arasynda yglan edilen «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Täze zehinleri ýüze çykarmaga, olary döredijilige höweslendirmäge, häzirki zaman aýdym-saz sungatyny ösdürmäge gönükdirilen bäsleşikler yzygiderli guralýar. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan guralýan «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşigi ilkinji gezek 2009-njy ýylda geçirildi. Onuň birinji ýeňijisi Türkmenistanyň at gazanan artisti Jahan Tagyýewadyr. Şeýle hem geçen ýyllaryň dowamynda Züleýha Kakaýewa, Begenç Çaryýew, Ahmet Atajanow, Nurýagdy Rejepow, Atajan Berdiýew, Rüstem Hallyýew, Bahar Annaýewa ýaly birnäçe zehinli aýdymçylar «Ýylyň parlak ýyldyzy» diýen ada mynasyp bolupdylar.

Mährijemal PAŞYKOWA,
«Watan».