Sagdyn durmuş – bagtyýar ýaşaýyş

15 Dekabr 2024
159

Häzirki ajaýyp döwürde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşine uly ähmiýet berilýär. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn durmuşda ýaşamagy üçin sport desgalarynyň gurlup ulanmaga berilmegi, sport hereketleriniň ösdürilmegi, halkara derejesinde geçirilýän sport çäreleriniň rowaçlanmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Halkymyzyň sagdyn durmuşda ýaşamagyny üpjün edýän kadalary ornaşdyrmak, şol sanda sport bilen meşgullanmak we beýleki ugurlar bilen sazlaşykly utgaşdyrmak ýaly işler ileri tutulýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda kesgitlenen ugurlaryň biri hem ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini, sport hereketlerini ösdürmekdir. Şunda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň rowaçlanýandygyny, sagdynlyk boýunça baş maksatnamanyň sazlaşykly utgaşýandygy bellärliklidir.

Gahryman Arkadagymyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek boýunça başyny başlan beýik başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde bu pudagyň ösüşi üpjün edilýär. Dünýäde döwrebaplygy bilen tapawutlanýan saglygy goraýyş desgalary, saglyk maksatly iň täze enjamlar ynsanlaryň saglygyny goramaga giň mümkinçilik döredýär. Şeýle giň mümkinçilikleriň esasynda keselleriň öňüni almak, halkyň saglygyny berkitmek, şeýle hem ýurdumyzda durnukly we amatly arassaçylyk ýagdaýyny saklamak boýunça maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar.

Toty JOMARTOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.