Saglygymyz öz elimizde

11 Dekabr 2024
124

Ýiti respirator wirusly keseller adam bedeniniň ýokarky dem alyş agzalarynyň, agyz-burun boşluklarynyň, bokurdagyň ýiti sowuklamasy bilen häsiýetlendirilýär. Ýiti respirator wirusly ýokançlar islendik adama howa-damja ýoly arkaly näsag adamdan geçip bilýär. Ol sagdyn adam ýokançlar bilen hapalanan howadan dem alanda ýokarky dem alyş ýollaryna düşýär we nemli bardanyň daşky gatlagynyň öýjüklerinde ornaşýar hem-de ony zeperlendirýär. Ýiti respirator wirusly keselleri döredýän dürli wiruslar adamlarda bedeniň gyzgynynyň ýokary galmagy, üşetme, kellagyry, ysgynsyzlyk, işdäsizlik, asgyrma, üsgürme, endamyň agyrmagy ýaly alamatlary döredýär.

Keselleriň kliniki alamatlary burnuň dykylmagy, akmagy, bokurdagyň, damagyň agyryp gyzarmagy (faringit), tonzillit, laringotraheit, bronhit, öýkeniň, badam şekilli mäziň, gözüň (konýuktiwit), iýmit siňdiriş agzalarynyň sowuklamasy görnüşlerinde ýüze çykyp bilýär. Wagtynda bejerilmedik ýagdaýynda ýiti respirator wirusly keseller bedeniň goranyş ulgamynyň gowşamagyna, dem alyş agzalarynda bakterial keselleriň döremegine we onuň beterleşmegine sebäp bolýar.

Guwanç SAPAROW,
Aşgabat şäher hassahanasynyň bölüm müdiri.