Ýatkeşligi nähili berkitmeli?

11 Dekabr 2024
253

Ýadyňyzy berkitmek üçin haýsy düzgüni berk berjaý etmeli?!

Hoz biziň üçin tapylgysyz nygmatdyr. Onuň düzümi ýaglara baýdyr. Irden 2-3 däne hozuň maňzyny iýseňiz, ýadyňyzyň berkemegine kömek eder. Şeýle-de çagalaryňyza hem günde hozuň maňzyny bermegi ünsden düşürmäň. Hozuň maňzyny owradyp, ary balyna garyp goýup, gündelik ajöze bir çaý çemçe iýseňiz, üşükliligiňize we saglygyňyza ýardam eder. Onuň düzüminde gan damarlaryny berkidýän E witamininiň we immuniteti berkidýän C witamininiň köp mukdary bardyr. Adam näçe köp hoz iýse, şonça hem sowuklama biomarkerleri pes bolýar. Hoz ýatkeşligi berkidýär, ganyň düzümindäki holesteriniň derejesini peseldýär, ýüregi we bagry goraýar. Grek hozy beýniniň işini kadalaşdyrmakda we adam bedeniniň kesellere garşy goraýjylyk ukybyny güýçlendirmekde peýdalydyr. Onuň düzüminde B witaminler toplumy, A, C, E, K, PP witaminleri bar. Ondaky askorbin kislotasynyň mukdary limonyňka garanyňda 50 esse köpdür. Şeýle-de bu iýmitiň düzüminde minerallardan sink, kaliý, kalsiý, magniý, ýod, fosfor, demir, kobalt bar. Grek hozy immuniteti güýçlendirmekde, ýatkeşligi ösdürmekde, ganaýlanyşygyny we gan basyşyny kadalaşdyrmakda, ganazlykda, galkan şekilli mäziň, içegeleriň, ýürek-damar ulgamynyň kesellerinde, sowuklamada, süýji keselinde netijeli ulanylýar. Bu iýmiti iýmek, aýratyn hem, hamyla we çaga emdirýän zenanlara, ýaşuly adamlara, şeýle-de türgenlere maslahat berilýär. Onuň düzüminde ýagyň köp mukdary saklanyp, günde 4-5 sany hozdan köp iýmek maslahat berilmeýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Hurmagül ANNAGURBANOWA,
Bäherden etrap bedenterbiýe we sport bölüminiň KAIG-nyň başlygy.