Hoşniýetlilik ýörelgesi rowaçlanýar

10 Dekabr 2024
220

Türkmen halkynyň asyrlardan dowam edip gelýän hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri häzirki ajaýyp döwrümizde rowaçlanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda beýik ösüşler gazanylýar, uly-uly üstünliklere ýetilýär. Türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda nesillerden-nesillere geçip gelýän däp-dessurlary, parahatçylyk, dost-doganlyk ýaly asylly ýol-ýörelgeleri dünýä nusgalyk derejede kämilleşdirilýär. Bu günki günde eziz Diýarymyz dostlugyň mekanyna öwrüldi. Parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, dünýäniň döwletleri we halklary bilen özara bähbitli gatnaşyklary ileri tutmak ýörelgelerine ygrarly bolan ýurdumyz özüniň amatly geosyýasy we geoykdysady kuwwatyny umumadamzat bähbitlerini hem-de ösüşi üpjün etmäge gönükdirýär.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty halkymyzyň goňşy halklar, ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklaryna giň ýollary açýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda parahatçylygyň, asudalygyň rowaçlanmagy halkymyzda buýsanç döredýär.

Gözel ASDANOWA,
Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän 37-nji orta mekdebiň mugallymy.