Hoşniýetli ýörelgeleri dabaralandyryp

9 Dekabr 2024
168

Türkmenistanyň üstünlikli durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» syýasaty dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegini üpjün edýär. Ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarly bolmak bilen, bu ugurda halkara resminamalara goşulyşmaga we şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň berkidilmegine uly üns berýär.

ürkmenistan ählumumy abadançylygyň we howpsuzlygyň berkidilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolan «Dialog — parahatçylygyň kepili» filosofiýasyny öňe sürmek bilen, şunda parlament diplomatiýasyna möhüm gural hökmünde garaýar. Daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda gatnaşyklary ýola goýmak, halkara parlamentara guramalaryň we assambleýalaryň işine gatnaşmak, dostluk toparlaryny döretmek, bilelikdäki çäreleri guramak arkaly diplomatiýanyň bu görnüşini işjeň durmuşa geçirýär. Parlamentara gatnaşyklar kanun çykaryjylyk we parlament işlerinde tejribe alyşmaga, ýurtlaryň dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek mümkinçilikleri bilen tanyşmaga ýardam edýär. Şu ýylyň 27-28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň bilelikde guramagynda, halkara guramalaryň, Ýewropa hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň parlament wekilleriniň gatnaşmagynda paýtagtymyzda geçirilen «ÝHHG-niň çäginde parlament diplomatiýasy: dialog — abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly» atly maslahat hem bu babatda möhüm ähmiýete eýe boldy. Parlamentara forum ýurdumyzyň dünýä döwletlerini dialoga, ählumumy abadançylyga, durnukly ösüşe çagyrýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini ýene bir gezek giňden açyp görkezdi.

Maksat KULYÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy.